Türkmenistandaky iri terjime merkeziniň ýolbaşçysy rus dili boýunça maslahata gatnaşdy


“OKTAWA” terjime we resminamalary resmileşdirmek býurosynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbansähedow “Rus dili – GDA sebitinde baglanyşyk dialogynyň esasy” atly halkara maslahata gatnaşdy. Ol Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň milletara aragatnaşygyň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.
Sankt-Peterburg şäheriniň Tawriý köşgünde geçirilen maslahata GDA ýurtlarynyň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralarynyň, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisi we “tegelek stol” maslahatlary GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy, Russiýanyň Federal Geňeşi, Milli kitaphanasy, Prezident kitaphanasy, Rus dili we edebiýaty mugalymlarynyň halkara birleşmesi tarapyndan guraldy.
Gatnaşyjylar GDA giňişliginde rus diliniň häzirki ýagdaýyny, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde onuň ähmiýetini, bilim ulgamynda peýdalanmagyň ugurlary, Internet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňişliginde onuň ýaýrawlylygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde mowzuklaýyn sergi hem guraldy.
ORIENT news








