Aşgabatda ÝHHG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary bilen duşuşar


ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda Türkmenistana gelipp, Merkezi Aziýa-ÝHHG-niň gatnaşyjy döwletleriniň daşary işler ministrleri we beýleki ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşar.
Baş sekretar Aşgabatda, Türkmenistanyň daşary işler ministri tarapyndan gurnalan "ÝHHG-nyň Baş sekretary we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň forumy"-na gatnaşar. Bu barada ÝHHG-niň web sahypasyndahabar berilýär.
Ýokary derejeli strategiki duşuşykda esasy üns, meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, serhet howpsuzlygyna abanýan töwekgelçilikleri, howanyň üýtgemeginiň täsirleri we has berk gatnaşyklaryň tutuş sebite getirip biljek mümkinçilikleri ýaly sebitde ýüze çykýan kynçylyklara gönükdiriler.
Duşuşyk Merkezi Aziýa gatnaşyjy döwletleriň bu meseleleri çözmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ÝHHG-niň bu tagallalara nähili goldap biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy mümkinçilikleri kesgitlemek boýunça platforma döreder.
Baş sekretar Şmid saparynyň dowamynda premýer-ministriň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hem duşuşar.
ORIENT news








