Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar


30-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplaryň umumy pikirine görä, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklar uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana we 2022-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns çekildi.

Gepleşiklerde döwletleriň köptaraplaýyn diplomatiýanyň ugry boýunça, hususan-da, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA ýaly halkara düzümleriň çäklerinde hem-de «Merkezi Aziýa+» görnüşindäki köptaraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýulanlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen başlangyçlaryň goldanylandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Diplomatlar sebit we halkara gün-tertibi boýunça pikir alyşyp, taraplaryň bular baradaky pikirleriniň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler. Ministrler iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar. Şeýle-de, iki döwletiň welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň maksadalaýyklygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine üns çekilip, ministrler bilim, ylym, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de medeni alyş-çalyş babatynda taraplaryň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklary ýola goýmak hem-de iki döwletiň Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belemek boýunça bilelikdäki çäreleri gurnamak maslahatlaşyldy.
Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.
ORIENT news








