HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Oktýabr 31, 2023 | 09:16 |5371
Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleunyň arasynda gepleşikler geçirildi.

MD0tIx6xbOuZmzZ0IJnXrl5WSOctaq-1500x800.jpg

Taraplaryň umumy pikirine görä, döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklar uly orna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana we 2022-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana amala aşyran döwlet saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns çekildi.

mz4UaFzUjNxGFYniWDbb0gHxEJz0Hn-1500x800.jpg

Gepleşiklerde döwletleriň köptaraplaýyn diplomatiýanyň ugry boýunça, hususan-da, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA ýaly halkara düzümleriň çäklerinde hem-de «Merkezi Aziýa+» görnüşindäki köptaraplaýyn gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ýola goýulanlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazak tarapyna Türkmenistan tarapyndan öňe sürülen başlangyçlaryň goldanylandygy we BMG-niň çäklerinde kabul edilen kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

jlj510rd2IMxmwQeURwg7elu6MllUg-1500x800.jpg

Diplomatlar sebit we halkara gün-tertibi boýunça pikir alyşyp, taraplaryň bular baradaky pikirleriniň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellediler. Ministrler iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmagy ylalaşdylar. Şeýle-de, iki döwletiň welaýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň maksadalaýyklygy bellenildi.

eH3UMOkFYtDtwFvRRhrsxV76pnW2Yv-1500x800.jpg

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine üns çekilip, ministrler bilim, ylym, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de medeni alyş-çalyş babatynda taraplaryň hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni aragatnaşyklary ýola goýmak hem-de iki döwletiň Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belemek boýunça bilelikdäki çäreleri gurnamak maslahatlaşyldy.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläkde işjeňleşdirmek maksady bilen, gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň maksatnamasyna gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026