Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary diplomatik mekdepleriniň wekilleri Bişkekde duşuşdylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynda myhmançylyk boldular. Türkmenistanyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň prorektory Begenç Mätliýew we professor Öwezdurdy Muhammetberdiýew gyrgyz kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirdiler.
Gyrgyz ýokary diplomatik akademmiýasynyň rektory Akylbek Kylyçow şu gezekki sapar üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda bilim we diplomatiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyplygyny nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň ýokary diplomatik mekdepleriniň arasynda akademik we ylmy özara alyş-çalşy, bilelikdäki çäreleri guramagyň we ylmy taslamalary alyp barmak işini pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Soňra Gyrgyzystanyň Diplomatik akademiýasynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda "Gyrgyz-türkmen gatnaşyklary" ady bilen "tegelek stol" maslahaty geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine baha berildi. Çykyşlaryň dowamynda gyzykly soraglar boýunça özara çekişmeler hem guraldy.

ORIENT news








