HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Figurlaýyn typmak boýunça ýaş türkmen türgenleri Daşkentde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşdylar

Oktýabr 30, 2023 | 21:11 |7370
Özbegistanyň Daşkent şäherinde ilkinji "Global Skating Academy" ýaryşy geçirilip, oňa Türkmenistandan figurlaýyn typmak boýunça ýaş türgenler hem gatnaşdylar.Özbegistanyň Daşkent şäherinde ilkinji "Global Skating Academy" ýaryşy geçirilip, oňa Türkmenistandan figurlaýyn typmak boýunça ýaş türgenler hem gatnaşdylar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Özbegistanyň Daşkent şäherinde ilkinji "Global Skating Academy" ýaryşy geçirilip, oňa Türkmenistandan figurlaýyn typmak boýunça ýaş türgenler hem gatnaşdylar.

"TASS" habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, BAE-den, Russiýadan we Özbegistandan figurlaýyn typmak boýunça 21 klubyň 140 türgeni gatnaşdy. Klublaryň her biri ýaş derejesine görä üýtgäp, olaryň iň ýaş agzasy 2018-nji ýylda, iň ýaşuly gatnaşyjysy bolsa 2005-nji ýylda doglandyr.

"Kiçi ýaş toparynda gatnaşýan her bir türgene höweslendirmek üçin baýraklar gowşuryldy. Bu çagalaryň figurlaýyn typmak sporty bilen meşgullanmagyna we öz tagallalary bilen geljekde gowy netijeleri gazanmaga höweslendirer" diýip, "GSA" taslamasyny esasalndyryjylaryň biri Aleksandr Lakernik mälim edýär. Bellenişi ýaly, kubyň geçirýän her bir ýaryşynyň halkara ülňülerine laýyk geçirilmegine üns berildi. Ýaňy badalga berlen bu taslamanyň dogry ýol bilen ösmegi üçin bu möhüm bolup durýar.

Habar berlişi ýaly, Daşkent şäheri figurlaýyn typmak boýunça bu uly taslamanyň badalga alan ýeri boldy. Bäsleşigiň ýeňijileri oňa görkezijileri gazandylar. Ýaryşa gatnaşyjylaryň ene-atalaryndan ýakymly seslenmeleriň eşidilmegi, bizi diýseň begendirýär diýip, Lakernik belleýär. Ýene-de, iki hepdeden Ankara şäherinde şeýle bäsleşigiň guralmagyna taýýarlyk görülýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026