Türkmen talyplary Özbegistanda geçirilen matematika olimpiadasynda 16 medal gazandylar


23 - 29-njy oktýabrda Özbegistanyň Nukus şäherinde Muhammet Al-Horezmi adyndaky matematika dersi boýunça olimpiada geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan matematika dersinden iň zehinli 152 talyp gatnaşdy.
Türkmenistanly talyplar halkara olimpiadada 4 altyn, 5 kümüş we 7 sany hem bürünç medal gazandylar. Mundan daşary, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Myratgeldi Annamuhammedow we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Döwlet Gurdow olimpiadany "Absolýut çempiony" diýen ada eýe boldular.
Özbegistanda geçirilen ýaryşa jemi 35 türkmen talyby gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary hem bar.
Muhammet Al-Horezmi adyndaky halkara matematika olimpiadasy Özbegistanyň Hökümeti tarapyndan 2018-nji ýyl esaslandyrylyp, ol her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.
ORIENT news








