Türkmenbaşy Halkara deňiz porty "TransLogistica Uzbekistan 2023" halkara sergisine gatnaşar


Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Daşkent şäherinde 1 - 3-nji noýabrda geçiriljek 19-njy Halkara "TransLogistica Uzbekistan 2023" sergisine gatnaşar.
Bu sergide 15 ýurduň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Latwiýanyň, Litwanyň, BAE-niň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Şweýsariýanyň ulag düzümleri özleriniň üstünliklerini görkezer.
Ýewraziýa ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň portunyň pawilýonynda portuň ýolagçy we üstaşyr ýükleri daşamakdaky mümkinçilikleri şöhlelendiriler.
"TransLogistica Uzbekistan" halkara sergisi ulag bazarynyň wekillerini, halkara bilermenleri jemlejek ajaýyp meýdança bolup, ol logistika düzümleri, ulag desgalary, IT tehnologiýalary, maýa goýum we Merkezi Aziýa sebitinde ýük daşalyşyny artdyrmak boýunça maslahatlaşmalary geçirmäge mümkinçilik döreder.
Serginiň çäklerinde şeýle hem Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara ulag maslahaty, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisi, Halkara awiasiýa forumy geçiriler. Mundan daşary, bölümleýin mejlisleri, metbugat maslahatlaryny we degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
ORIENT news








