HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Albukerke şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

Oktýabr 25, 2023 | 17:20 |4886
Öz ýurdunyň medeniýetini Aşgabadyň Amerikan dogan şäherinde görkezýän türkmen wekiliýeti sişenbe güni şäheriň häkimi Timoti Kelleriň ýolbaşçylygyndaky ýerli häkimligiň wekilleri bilen duşuşdy.Öz ýurdunyň medeniýetini Aşgabadyň Amerikan dogan şäherinde görkezýän türkmen wekiliýeti sişenbe güni şäheriň häkimi Timoti Kelleriň ýolbaşçylygyndaky ýerli häkimligiň wekilleri bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Öz ýurdunyň medeniýetini Aşgabadyň Amerikan dogan şäherinde görkezýän türkmen wekiliýeti sişenbe güni şäheriň häkimi Timoti Kelleriň ýolbaşçylygyndaky ýerli häkimligiň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Albukerkäniň arasynda bilim, işewürlik, medeniýet, taryh we beýlekiler ýaly hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Munuň bilen birlikde, innowasiýa we ekologiýa taýdan arassa ýaşaýyş gurşawyny guramak üçin öňdebaryjy model hökmünde täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dolandyryşyň wekilleri gyzyklanma bildirip, bu şähere baryp görmek isleýändiklerini habar berdiler diýip, türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

2 (2).jpg

Şol gün, 24-nji oktýabrda «Kiwa Auditorium» sergi zalynda milli türkmen eşikleriň, portretleriň we beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalarynyň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkmen Medeniýet günleriniň jemleýji gününde «Kiwa Auditorium» konsert zalynda artistleriň çykyşy geçirildi. Oňa Albukerke şäher häkimliginiň, dogan şäherleriň gaznasynyň, Nýu-Meksiko uniwersitetiniň, döredijilik intelligensiýasynyň we jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary ýygnandylar.

3 (1).jpg

Konsertiň açylyşynda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow Arkadag şäheri barada gürrüň berip, onuň wideoşekilleri bilen tanyşdyrdy.

Soňra Türkmenistandan saz, tans toparlarynyň we aýdymçylarynyň gatnaşmagynda öwüşgünli çykyş boldy. Jemleýji konsertiň maksatnamasyna milli -saz klassiklerinden kompozisiýalar, folklor çykyşlary we Magtymguly Pyragynyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşgularyna ýazylan aýdymlar girdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026