HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda talyplaryň arasynda "Model BMG" bäsleşigi geçirildi

Oktýabr 25, 2023 | 19:28 |5017
Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty BMGÖM (Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy) bilen hyzmatdaşlykda ýurtdaky bäş uniwersitetiň talyplarynyň arasynda “Model BMG” bäsleşigini geçirdi.Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty BMGÖM (Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy) bilen hyzmatdaşlykda ýurtdaky bäş uniwersitetiň talyplarynyň arasynda “Model BMG” bäsleşigini geçirdi.
Çeşme: BMGÖM metbugat gullugy

Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty BMGÖM (Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy) bilen hyzmatdaşlykda ýurtdaky bäş uniwersitetiň talyplarynyň arasynda “Model BMG” bäsleşigini geçirdi.

Bäsleşigiň esasy maksady, Ähliumumy Adam Hukuklary Jarnamasynyň (UDHR) kabul edilmeginiň 75 ýyllygyny we Wena Jarnamasynyň hem-de Hereket meýilnamasynyň (UDAP) 30 ýyllygyny bellemek bolup durýar. Talyplar parahatçylyk we howpsuzlyk, maýyplar üçin hukuklar we mümkinçilikler, çagalaryň hukuklaryny goramak, gender deňligi, şeýle hem nyň jyns taýdan kemsitmeleriň öňüni almakda UDHR-yň we UDPA-nyň orny bilen baglanyşykly dürli mowzuklary hödürlediler.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň sanawyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, şeýle hem milli we halkara BMGÖM hünärmenleri girdi.

Talyplaryň iň gowy çykyşlary baýraklar we şahadatnamalar, olaryň zehinleriniň we tagallalarynyň ykrar edilmegi bilen bellenildi. Bu bäsleşik talyplara köpçüligiň öňünde çykyş etmek, çekişmeler we diplomatik gözýetimi endiklerini ösdürmäge, şeýle hem halkara gatnaşyklaryna we adam hukuklaryny goramagyň ähmiýetine düşünmäge kömek etdi.

Şeýle çäreler ýaşlaryň global meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşmagyna, parahatçylykly we adalatly çözgütleriň wagyz edilmegine we dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň we gepleşikleriň höweslendirilmegine goşant goşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026