HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

Oktýabr 29, 2023 | 14:44 |6735
Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine Ali Mojtaba Ruzbahani bellendi.Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine Ali Mojtaba Ruzbahani bellendi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Khales bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we onuň giňeltmek bilen bagly birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda, 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýrana amala aşyran saparynyň ähmiýeti nygtaldy we bu saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi barada umumy pikir beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Eýranyň ilçisine türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlik arzuw etdi.

1-3.jpg

Eýranyň ilçisi hem öz gezeginde Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy wezipesine Ali Mojtaba Ruzbahani bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026