HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýylyň başyndan bäri türkmen-türk söwda dolanyşygy 2.1 milliard dollara ýetdi

Oktýabr 28, 2023 | 15:47 |6848
Türkiýeli işewürler Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollarlyk 1 müňe golaý taslamany durmuşa geçirdiler.Türkiýeli işewürler Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollarlyk 1 müňe golaý taslamany durmuşa geçirdiler.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Şu ýylyň geçen 9 aýynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2,1 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Bu geçen ýylyň tutuş dowamyndaky görkezijiden hem ýokarydyr. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz mälim etdi diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Degişli döwürde özara söwdanyň möçberiniň 16 göterimini elektronika, 10 göterimini metal önümleri, 8 göterimini senagat tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlary, 5 göterimini senagat tehnikalary, 4 göterimini hem önümçilik serişdeler eýeledi. Umumylykda, iki ýurt söwda babatda 5 milliarda amerikan dollary görkezijisine ýetmegi maksat edinýär.

Türkiýeli işewürler Türkmenistanda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollarlyk 1 müňe golaý taslamany durmuşa geçirdiler. Bu görkeziji türk işewürleriniň daşary ýurtlarda durmuşa geçiren taslamalarynyň jemi möçberiniň 11 göterimini düzýär. Türk işewürleri Türkmenistanda iň köp taslamalary ýerine ýetiren ýurtlaryň içinde Russiýadan soň ikinji ýeri eýeleýär.

Türkiýäniň wise-prezidentiniň sözlerine görä, türk işewürleri türkmen kärdeşleri bilen täze taslamalary, şol sanda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny gurmak boýunça taslamalary ýerine ýetirmäge gyzyklanma bildirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

07:03 Awgust 08, 2026
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026