HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOBB-nyň başlygy türk we türkmen kompaniýalaryny üçünji ýurtlarda bilelikde söwda etmäge çagyrdy

Oktýabr 26, 2023 | 16:30 |7393
Türkiýäniň Palatalary we Haryt Biržalary Bileleşiginiň (TOBB) prezidenti Rifat Hisarjyklyoglu, türkmen kompaniýalaryny uly göwrümde Türkiýä, şol sanda senagat önümçiligine maýa goýmaga we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde üçünji ýurtlarda iş alyp barmaga çagyrdy. Ol bu barada penşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen türkmen-türk işewür forumynda aýtdy.Türkiýäniň Palatalary we Haryt Biržalary Bileleşiginiň (TOBB) prezidenti Rifat Hisarjyklyoglu, türkmen kompaniýalaryny uly göwrümde Türkiýä, şol sanda senagat önümçiligine maýa goýmaga we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde üçünji ýurtlarda iş alyp barmaga çagyrdy. Ol bu barada penşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen türkmen-türk işewür forumynda aýtdy.
Çeşme: www.sondakika.com

Türkiýäniň Palatalary we Haryt Biržalary Bileleşiginiň (TOBB) prezidenti Rifat Hisarjyklyoglu, türkmen kompaniýalaryny uly göwrümde Türkiýä, şol sanda senagat önümçiligine maýa goýmaga we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde üçünji ýurtlarda iş alyp barmaga çagyrdy. Ol bu barada penşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ankarada geçirilen türkmen-türk işewür forumynda aýtdy.

Bu çärä Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşýar.

TOBB-nyň başlygy, bu garaýyşa laýyklykda äden aýgytly ädimleriniň saýasynda Türkmenistanyň toplumlaýyn senagatlaşmagy we ösüşi başlandygyny we Merkezi Aziýada çekiş merkezine öwrülendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda türk kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalaryň sany 2 müňe ýetdi. Şunuň bilen baglylykda Hisarjyklyoglu, Türkmenistanyň Prezidentine türk telekeçilerine bolan ynamy üçin minnetdarlyk bildirdi. «Siziň goldawyňyz sebäpli türk potratçy kompaniýalary dünýäde ikinji ýeri eýeledi», - diýip ol aýtdy.

Hisarjyklyoglu, Türkmenistanyň ulag we daşamak pudagynda halkara merkezine öwrülmeginiň çalt depginde ösýändigini aýtdy. Giň demir ýol ulgamy, garaýol we beýleki ulag liniýalary we energetika geçelgeleri bilen taryhy Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi «diýseň oňyn waka» bolup durýar diýip ol belledi.

TOBB-nyň başlygy, Hazar Trans-gaz turbageçirijisi taslamasyna-da degip geçdi. «Biz Türkiýäniň hususy sektory hökmünde bu meseläni çözmäge goşant goşmaga taýýardyrys. Eger biz muny başarsak, onda Hytaý-Ýewropa gatnawynda Orta geçelgäniň birinji orunda durmagyny üpjün ederis»,-diýip Hisarjyklyoglu nygtady. «Türkiýe bilen Türkmenistanyň bu gurşawdaky hyzmatdaşlygy tutuş sebitiň ykbalyny üýtgeder. Sebäbi Türkiýe we Türkmenistan öňdebaryjy hyzmatdaşlardyr. Bilelikde biz geografiýamyzy parahatçylygyň we abadançylygyň merkezine öwrüp bileris»,-diýip Hisarjyklyoglu sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026