HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nury Halmämmedowa bagyşlanan sahna oýny ilkinji gezek görkeziler

Oktýabr 25, 2023 | 17:12 |6802
Täze sahna eseri Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, režissýor Bilbil Mämedowyň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylypdyr. Ol ussat kompozitoryň dosty we işdeşidir. Onuň edebi esasynda Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň we Söhbet Serbazowyň adybir pýesasy ýatyr.Täze sahna eseri Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, režissýor Bilbil Mämedowyň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylypdyr. Ol ussat kompozitoryň dosty we işdeşidir. Onuň edebi esasynda Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň we Söhbet Serbazowyň adybir pýesasy ýatyr.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

28 – 29-njy oktýabrda Aşgabat şäherindäki Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň ýubileý ýyllygy mynasybetli onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan “Köňül tary” atly sahna oýny görkeziler. Sahna oýny Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwalyň çäklerinde ilkinji gezek görkeziler.

Täze sahna eseri Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, režissýor Bilbil Mämedowyň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylypdyr. Ol ussat kompozitoryň dosty we işdeşidir. Onuň edebi esasynda Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň we Söhbet Serbazowyň adybir pýesasy ýatyr.

Nury Halmämmedowyň ömrüne bagyşlanan sahna eseri ilkinji gezek türkmen dilinde sahnalaşdyrylar. “Köňül tary” ady bilen A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynda sahnalaşdyrylan oýun geçen ýylyň ýazynda milli teatr festiwalynda baýraga mynasyp boldy we heniz hem sahnadan düşmän gelýär.

Sahna eseri kompozitoryň saz eserleri bilen utgaşyp, onda dürli pähimler hem beýa ediler. Nury Halmämmedowyň keşbini Perhat Sallandyýew, Gurbannazar Ezizowyň keşbini Süleýman Eminow, Atageldi Garýagdyýewiň keşbini hem Şirgeldi Saparow janlandyrýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026