HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystany her ýyl «rekord baýrakly gaznalar» bilen kibersport dünýä çempionatyny geçirer

Oktýabr 24, 2023 | 14:16 |7652
Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammed bin Salman öz ýurdunda 2024-nji ýylyň tomsundan başlap her ýyl kibersport ýaryşlaryny geçirip başlajakdygyny habar berdi. Bu ýaryşlarda klublar «rekord baýrak gaznalaryny» gazanmak we «doly dünýä çempiony» diýlip yglan edilmek maksady bilen dürli dersler boýunça bäsleşerler. Bu beýannama baradaky maglumatlar Reuters.com portalynda çap edildi.Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammed bin Salman öz ýurdunda 2024-nji ýylyň tomsundan başlap her ýyl kibersport ýaryşlaryny geçirip başlajakdygyny habar berdi. Bu ýaryşlarda klublar «rekord baýrak gaznalaryny» gazanmak we «doly dünýä çempiony» diýlip yglan edilmek maksady bilen dürli dersler boýunça bäsleşerler. Bu beýannama baradaky maglumatlar Reuters.com portalynda çap edildi.
Çeşme: redaksiýa arhiwinden

Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammed bin Salman öz ýurdunda 2024-nji ýylyň tomsundan başlap her ýyl kibersport ýaryşlaryny geçirip başlajakdygyny habar berdi. Bu ýaryşlarda klublar «rekord baýrak gaznalaryny» gazanmak we «doly dünýä çempiony» diýlip yglan edilmek maksady bilen dürli dersler boýunça bäsleşerler. Bu beýannama baradaky maglumatlar Reuters.com portalynda çap edildi.

Häzirki wagtda bäsleşigiň geçiriljek dersleriniň anyk sanawy belli däl. Şazada «kibersport boýunça dünýä çempionaty Saud Arabystan üçin oýun we kibersport üçin öňdebaryjy global merkez döretmekde indiki möhüm ädimdir», -diýip pikirini beýan etdi. Bu çäreleriň ýurtda syýahatçylygy ösdürmäge we täze iş ýerlerini döretmegine kömek etmegine garaşylýar.

Saud Arabystanynda 2023-nji ýylda eýýäm umumy baýrak gaznasy 45 million dollar bolan Gamers8 festiwaly geçirildi. Mysal üçin, bu festiwalyň çäginde 15 million dollar baýrak gaznasy bilen Dota 2 Riýad Masters 2023 ýaryşy geçirildi.

Saud Arabystanynyň bu başlangyjy ýurtda elektron sportuň we oýun pudagynyň ösüşine ýokary gyzyklanmany görkezýär. Şeýle bäsleşikler halkara klublaryň ýaryşmagy üçin gowy meýdança bolup, zehinli oýunçylaryň ünsüni özüne çeker.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026