HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri 134-nji Kanton ýarmarkasyna gatnaşdylar

Oktýabr 26, 2023 | 10:35 |9081
15 - 20-nji oktýabrda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Kanton ýarmarkasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Guançžou şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.15 - 20-nji oktýabrda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Kanton ýarmarkasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Guançžou şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.
Çeşme: primelog.ru

15 - 20-nji oktýabrda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Kanton ýarmarkasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Guançžou şäherine iş saparyny amala aşyrdylar.

Kanton ýarmarkasy diýlip atlandyrylýan halkara çäresi dünýäniň ähli ýerinden işewürlik we senagat wekillerini bir ýere jemleýär. Iki ýylda bir gezek giň gerimli möçberde geçirilýän Kanton ýarmarkasynda Hytaýda eksport we import edilýän ähli harytlar diýen ýaly görkezilýär.

Saparyň dowamynda agentligiň wekilleri hytaý kompaniýalary bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Olar işewürlik babatda ýerli teklipleri öwrenmäge, şeýle hem iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bagyşlandy.

Gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň agentliginiň wekilleri kebşirleýji elektrodlary we simleri öndürmek boýunça hil barlagyny geçirýän we sertifiktalaşdyrýan «TIANJIN MINMETALS CO.,LTD» jemgyýetiniň, «TIANJIN GOLDEN BRIDGE WELDING MATERIALS GROUP CO.,LTD.» kompaniýasynyň, «BMM SCIENCE & TECHNOLOGY» korporasiýasynyň, Hazar deňzinde we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda "ýaşyl syýasaty" üpjün etmek maksady bilen gämi hereketlendirijileri tarapyndan goýberilýän howany hapalaýjy zyňyndylary azaltmak üçin katalitiki öwrüji enjamlary öndürýän «THREE WAY GROUP EXHAUST» kompaniýasy bilen duşuşyklary geçirdiler.

Şeýle hem deňiz ýük konteýnerleriniň önümçiliginde peýdalanmak üçin şifer önümlerini öndürýän «CANGZHOU XINDINGLI COLD BENDING MACHINERY CO.,LTD», «ZHENGZHOU CITY UNITES STEEL INDUSTRIAL CO., LTD» we «SHANDONG ZHONGSHENG MATERIALS CO.,LTD» kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Bu iş sapary türkmen wekiliýeti üçin hytaý bazaryny, onuň aýartynlyklaryny we tehnologiýa täzeliklerini öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçiligi döretdi.

Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda ykdysady gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Bu gatnaşyklarda ulag-logistika pudagy wajyp orny eýeleýär. Önümçilikde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan Hytaý öz önümleriniň eksporty üçin amatly ugurlary hemme wagtda hem gözleýär.

Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ösüşine itergi bermän, eýsem sebitara söwda gatnaşyklaryny berkitmäge-de özüniň oňyn täsirini ýetirer. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde bolsa, möhüm ulag-aragatnaşyk merkezi bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly üstaşyr geçirilýän ýükleriň artmagyna täsirini ýetirer. Bu bolsa, öz gezeginde uzakmöhletleýin ykdysady gülläp ösüşiň gazanylmagyna şert döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026