HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow gazak kärdeşini ýurduň Respublika güni bilen gutlady

Oktýabr 25, 2023 | 09:20 |6322
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewi ýurduň Respublika güni mynasybetli gutlap, halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewi ýurduň Respublika güni mynasybetli gutlap, halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Çeşme: ayauk.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gazak kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewi ýurduň Respublika güni mynasybetli gutlap, halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasy häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly barýar. Ýurduňyz bu şanly güni durmuş-ykdysady ösüşde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny berkitmekde uly üstünlikler bilen garşy alýar” diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda nygtalýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Gazagystanyň Respublika güni mynasybetli Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli gutlaglaryny iberip, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

33 ýyl mundan ozal, Gazagystanda döwlet özbaşdaklygy hakynda Jarnama kabul edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026