Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynyň gün tertibine garaldy


Anna güni, 20-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy wideo görnüşinde geçirildi. Ýygnakda Türkmenistana wise-ministr Wepa Hajyýew wekilçilik etdi.
Diplomatlar 1-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek dialogyň alty ýurdunyň daşary işler ministrleriniň derejesinde «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 16-njy mejlisine taýýarlyk işleriniň gidişine syn berdiler.
«Türkmenistanyň Forumda başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ulag we logistika, saglygy goraýyş we lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, bilim we ylym, şeýle hem syýahatçylyk ýaly möhüm pudaklary kesgitlenildi», - diýip Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynda aýdylýar.
Wideokonferensiýanyň dowamynda taraplar ministrleriň geljekki duşuşygynyň guramaçylyk meselelerini, Forum mejlisiniň gün tertibine esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem Forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyldaky bilelikdäki beýany we iş meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








