HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşygy boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler

Oktýabr 24, 2023 | 01:01 |9844
Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçiriljek döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň - Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlaryny birleşdirýän Maýadarlaryň forumyna taýýarlanýar.Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçiriljek döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň - Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlaryny birleşdirýän Maýadarlaryň forumyna taýýarlanýar.
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçiriljek döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň - Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlaryny birleşdirýän Maýadarlaryň forumyna taýýarlanýar.

Forum, ÝK-nyň Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky tarapyndan amala aşyrylan we 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda neşir edilen Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşyklary boýunça ozal geçirilen gözleginiň ösüşi bolar.

Bu barada Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 19-njy duşuşygynyň dowamynda Türkmenistandanyň adyndan gatnaşan daşary işler ministri Raşid Meredow bilen pikir alşyldy. Çärä gatnaşyjylar ýakyn aýlarda Aşgabatda döwlet edaralarynyň we hususy ulag we logistika kompaniýalarynyň ulag hünärmenleriniň duşuşygyny geçirmek teklibini goldadylar.

ÝB, şeýle-de 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Bäşinji konsultatiw maslahatynda Merkezi Aziýada gara ýol ulaglarynyň birikdirilmegi baradaky Ylalaşyga gol çekilmegini makullady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

17:00 Iýul 26, 2026