HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"CNPC" Merkezi Aziýadan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

Oktýabr 23, 2023 | 14:29 |9001
Kompaniýa Hytaý - Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny tizleşdirjekdigini hem mälim etdi.Kompaniýa Hytaý - Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny tizleşdirjekdigini hem mälim etdi.
Çeşme: "Sinhua" habarlar agentligi

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) "Bir guşak, bir ýol" başlangyjyna gatnaşýan sebit ýurtlarynda gazyp alan tebigy gazynyň möçberi 4-nji ýyl yzly-yzyna, şol sanda geçen ýylda 80 million metr tonnadan geçdi, onuň söwdasy bolsa, 250 million tonnadan geçýär.

Kompaniýa şeýle hem, Hytaý - Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurulmagynyň bu möçberi mundan beýläk-de artdyrmaga mümkinçilik döretjekdigini belleýär diýip, "China Daily" habarlar agentligi habar berýär.

Kompaniýa Hytaý - Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny tizleşdirjekdigini hem mälim etdi. Ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge mümkinçilik berjek nobatdaky gaz geçiriji şahasy Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinde geçer. Häzirki bar bolan 3 gaz geçiriji şahasy ýylda 55 milliard kub metr gazy Hytaýa ibermäge ukyplydyr.

"CNPC" kompaniýasynyň mälim etmegine görä, geçen ýyl Merkezi Aziýa - Hytaý gaz geçirijisi arkaly jemi 42 milliard kub metr tebigy gaz akdyryldy. Bu gündelik 100 million kub metre deňdir. Işe girizilen ýylyndan, ýagny 2009-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli bu gaz geçiriji arkaly tebigy gazyň jemi 423 milliard kub metri Hytaýa iberildi. Iberilen tebigy gazyň agramly bölegini türkmen uglewodorod serişdesi düzýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026