HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer, C5 + 1 ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana geler

Oktýabr 22, 2023 | 12:53 |7460
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) dolandyryjysy Samanta Pauer 23-24-nji oktýabr aralygynda Özbegistana barar. Ol sebit hyzmatdaşlygy boýunça C5 + 1 formatdaky (Merkezi Aziýa ýurtlary + ABŞ) ilkinji ministrler duşuşygyny geçirer we "ABŞ hökümetiniň sebit ýurtlarynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we gülläp ösmegine ygrarlydygyny" tassyklaýar diýip, agentligiň metbugat gullugy **[habar](https://www.usaid.gov/news-information/press-releases/oct-21-2023-usaid-administrator-samantha-power-travels-central-asia)**  berýär.Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) dolandyryjysy Samanta Pauer 23-24-nji oktýabr aralygynda Özbegistana barar. Ol sebit hyzmatdaşlygy boýunça C5 + 1 formatdaky (Merkezi Aziýa ýurtlary + ABŞ) ilkinji ministrler duşuşygyny geçirer we "ABŞ hökümetiniň sebit ýurtlarynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we gülläp ösmegine ygrarlydygyny" tassyklaýar diýip, agentligiň metbugat gullugy **[habar](https://www.usaid.gov/news-information/press-releases/oct-21-2023-usaid-administrator-samantha-power-travels-central-asia)**  berýär.
Çeşme: usaid.gov

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) dolandyryjysy Samanta Pauer 23-24-nji oktýabr aralygynda Özbegistana barar. Ol sebit hyzmatdaşlygy boýunça C5 + 1 formatdaky (Merkezi Aziýa ýurtlary + ABŞ) ilkinji ministrler duşuşygyny geçirer we "ABŞ hökümetiniň sebit ýurtlarynyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we gülläp ösmegine ygrarlydygyny" tassyklaýar diýip, agentligiň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän “C5 + 1” dialogynyň ABŞ-nyň hökümetiniň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy üçin esasy diplomatik platformasydygy bellenilýär.

“Ösüş meseleleri boýunça ministrleriň duşuşygy bu platformada özara baglanyşygy ösdürmekde anyk çäreleri görmek boýunça sebitiň bäş ýurdundan ministrleri birleşdirmek bilen, Merkezi Aziýada durnukly ykdysady ösüşine we sebit aragatnaşygyna ünsi çekmek bilen, söwda, ykdysady we telekeçilik, howa we energetika çözgütlerini, we ýaşlar üçin mümkinçilikleri güýçlendirer,"diýip, USAID-da habar berildi.

USAID-iň oktýabr aýynda Merkezi Aziýada özara baglanyşyk boýunça “C5 + 1” sebitleýin ministrler konferensiýasynyň boljakdygy sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň we sebitiň ýurtlarynyň Prezidentleriniň ilkinji “C5 + 1” sammitinde yglan edildi.

Samanta Pauer 2021-nji ýylyň maý aýynda USAID-iň başlygy boldy. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň agzasydyr. Ondan öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili (2013–2017), Prezident Barak Obamanyň ýörite kömekçisi we Milli howpsuzlyk geňeşiniň köptaraplaýyn meseleler we adam hukuklary boýunça uly müdiri (2009–2013) wezipelerinde işledi. Hünär ýoluna harby habarçy hökmünde başlady we birnäçe kitabyň awtory we Pulitser baýragynyň eýesi boldy. “Time” žurnaly ony dünýäniň täsirli 100 adamyň sanawyna goşdy, “Forbes” žurnaly bolsa, ony iň täsirli 100 zenanyň hataryna goşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny täze ylalaşyklar bilen berkretdiler

00:02 Iýun 21, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026