“Taktiki oýunlar” ýaryşynda Türkmenistanyň we BAE-niň türgenleri bäsleşdiler


Aşgabatda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp “BAE - Türkmenistan taktiki oýunlary” atly halkara sport ýaryşy geçirildi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Bäsleşige Türkmenistandan 40 topar we BAE-den Al Wathba, Desert Storm, we Dubaýyň ýaşaýjylar we daşary ýurtlylar boýunça Baş edarasyna wekilçilik edýän 3 topar gatnaşdy. Toparlar funksional fitnesi, güýji, çydamlylygy we utgaşdyrmagy ösdürmäge gönükdirilen dürli maşklarda bäsleşdiler.
Bäsleşik BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, BAE-niň bedenterbiýe we fitnes federasiýasynyň, Desert Storm gym и Lotus gym fitnes-klubynyň goldawy bilen gurnaldy.
Çäräniň maksady, sport we sagdyn durmuş ýörelgesi arkaly ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekdi. Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan ýatdan çykmajak baýraklary we sowgatlary aldylar.
ORIENT news








