HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanyň Pekindäki wekili Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ymtylýar

Oktýabr 19, 2023 | 22:13 |5886
"Talibanyň" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň resmi wekili Pekindäki ösüş meseleleri boýunça sammitiniň çäginde Hytaý bilen has çuňňur ykdysady hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny çarşenbe güni Frans Press agentligine habar berdi."Talibanyň" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň resmi wekili Pekindäki ösüş meseleleri boýunça sammitiniň çäginde Hytaý bilen has çuňňur ykdysady hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny çarşenbe güni Frans Press agentligine habar berdi.
Çeşme: news.cn

"Talibanyň" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň resmi wekili Pekindäki ösüş meseleleri boýunça sammitiniň çäginde Hytaý bilen has çuňňur ykdysady hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny çarşenbe güni Frans Press agentligine habar berdi.

Senagat we söwda ministri Noruddin Azizi: "Hytaý bilen maýa goýumlary we gowy ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gepleşik geçireris" diýip, belledi.

"Taliban" hökümeti hiç bir ýurt tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmedi, ýöne Kabul Pekin bilen diplomatik gatnaşyklaryny dowam etdirýär, Azizi şu hepde "Bir guşak we bir ýol" söwda we infrastruktura taslamasynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sammite gatnaşmaga çagyryldy.

Azizi AFP habar gullugyna "Biz eýýäm Hytaý bilen köp sanly taslama gol çekdik" -diýdi.

Owganystan, mis we altyn ýaly tebigy gorlaryny göz öňünde tutup, “Bir guşak we bir ýol” başlangyjy üçin gymmatly mümkinçiliklerini hödürleýär.

"Taliban" hökümetiniň wekili Mes-Aýnak mis känlerini we Kaşkari nebit ýatagy ýaly käbir "megaproektleri" agzap geçdi.

Azizi: "Hytaý Owganystanyň ösüşi bilen beýleki ýurtlara garanyňda has köp gyzyklanýar". Ol Owganystanyň resmi agza hökmünde “Bir guşak we ýol” başlangyjyna goşulmagy baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini hem aýdyp geçdi.

Azizi dag-magdan we oba hojalygyna ünsi çekip: "Owganystan uly mümkinçilikler hödürleýär" – diýip belledi. – Biz Hytaý bilen gatnaşyklarymyzdan hoşal".

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

07:03 Awgust 08, 2026
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026