HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan “Ýaşyl” Ýüpek ýoluny we syýasy logistikany goldaýar

Oktýabr 18, 2023 | 16:09 |7219
Önümçilik işleri bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmakdyr, daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipelerinden biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejedäki baglanyşyk boýunça geçirilen üçünji “Bir guşak, bir ýol” halkara forumynyň çäginde ýokary derejeli konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.Önümçilik işleri bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmakdyr, daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipelerinden biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejedäki baglanyşyk boýunça geçirilen üçünji “Bir guşak, bir ýol” halkara forumynyň çäginde ýokary derejeli konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: news.cgtn.com

Önümçilik işleri bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmakdyr, daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipelerinden biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde ýokary derejedäki baglanyşyk boýunça geçirilen üçünji “Bir guşak, bir ýol” halkara forumynyň çäginde ýokary derejeli konferensiýada eden çykyşynda aýtdy.

Biziň "Ýaşyl" Ýüpek ýolunyň düýp manysyna garaýşymyz şoňa esaslanýar - diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi, şeýle-de Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sebitleýin tehnologiýa merkezini döretmek baradaky teklibiniň oýlanşykly we öz wagtynda ädilen ädim bolandygyny nygtady. Merkeziň işlemegi üçin Aşgabat zerur tehniki we guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

kömürturşy gazynyň we metanyň zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Ilkinji nobatda gürrüň, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem Aşgabat wodorod energiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň alyp barýar. “Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň “ýaşyl” geçelgelerini döretmäge, şol sanda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” we “Bir guşak, bir ýol” strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant hasaplaýarys” - diýip, TDH Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine salgylanýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, ykdysadyýetdäki özara baglanyşyk, halkara derejesinde tehnologiýalaryň, tejribäniň we usullaryň alyş-çalşygy dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleridir. Olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Bularyň hemmesi diňe bir tehniki manyda däl, dünýä derejesinde hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmek üçin niýetlenendir.

-Biziň pikirimizçe, Häzirki wagtda, syýasy logistika düşünjesi zerurdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlarynydyr mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin"-diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026