HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyga çemeleşmesi syýasylaşdyrylmagy aradan aýyrmaga esaslanýar - Halk Maslahatynyň Başlygy

Oktýabr 18, 2023 | 15:00 |6578
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen birleşjekdigini belledi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen birleşjekdigini belledi.
Çeşme: news.cn

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen birleşjekdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumynyň çäginde özara baglanyşyk baradaky ýokary derejeli konferensiýada çykyş edip, soňky döwrüň ýagdaýlary – pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň netijeliligini peseltdi, diýip, TDH habar berýär.

Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi we öňdengörüjiligi talap edilýär. Şu nukdaýnazardan, “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýär, şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlygyň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär, diýip, Halk Maslahatynyň başlygy belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow: "Hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplaýynlygyndan el çekmek, giň halkara gatnaşyklary üçin olaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesiniň möhüm ugrudyr" - diýdi.

Türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostlugyň we hoşniýetli goňşulygyň baý taryhy tejribesine bil baglamak, özara obýektiw bähbitleriň bolmagy, Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, utgaşyklygy biri-biriniň üstüni ýetirmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Ýurtlaryň ikisi hem Ýewraziýadaky ykdysady ösüşe güýçli itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli giňişlikleri häzirki zaman ölçegleri boýunça birleşdirip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiki tapgyrlary we senagat guşaklaryny emele getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, abadançylygy artdyrmaga goşant goşýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026