HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gepleşikler geçirdiler we hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler

Oktýabr 11, 2023 | 21:22 |5367
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Aşgabatda bolan Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen gepleşik geçirdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Aşgabatda bolan Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen gepleşik geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Aşgabatda bolan Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen gepleşik geçirdi.

Çarşenbe güni, 11-nji oktýabrda geçirilen duşuşykda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde depginli we üstünlikli ösýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna aýdylýar.

1.jpg

Şu gün Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Onda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlary ýene bir gezek kesgitlenildi.

Ministrler syýasy we diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek we hukuk binýadyny berkitmek mowzuklarynda köp meselelere garadylar. Taraplar daşary söwda, energetika, ulag, gurluşyk we senagat, dokma senagatyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

2.jpg

Ylym we bilim, sport, saglygy goraýyş, şeýle hem medeni we ynsanperwer alyş-çalyş ugurlarynda üstünlikli özara gatnaşyklar beýan edildi.

Duşuşygyň netijesinde 2024-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

3.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026