AFK Saud Arabystanyň DÇ-2034-i geçirmek islegini goldady


Aziýa Futbol konfederasiýasynyň başlygy Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa, guramanyň adatdan daşary gurultaýynda, AFK birleşiginiň ähli agzalarynyň adyndan Saud Arabystanynyň 2034-nji ýyldaky Dünýä çempionatyny geçirmek islegini goldamakçydygyny aýtdy. UzA agentligi bu barada habar berýär.
Kongresde Türkmenistanyň hem bu sport görnüşiniň federasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aziýada futbolyň ösüşi we Aziýa yklymynda halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurultaýda Aziýa yklymynda dowam edýän FIFA çärelerine ýokary baha berildi. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda Indoneziýa tarapyndan ýetginjekleriň dünýä çempionaty, 2023-nji ýylda dünýä çempionaty Saud Arabystany, kenarýaka futbol boýunça dünýä çempionaty BAE tarapyndan kabul ediler we Özbegistan 2024-nji ýylda futzal boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýurdy bolar.
ORIENT news








