HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen teležurnalistleri Transgimalaý forumyna gatnaşdylar we Tibetiň myhmany boldular

Oktýabr 08, 2023 | 16:07 |5843
22 ýurtdan 30 töweregi žurnalist, şol sanda Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýyň günorta-günbataryndaky Tibet awtonom sebitine bäş günlük saparyny tamamladylar. Saparyň dowamynda olar ýerli ýaşaýjylar we işgärler bilen söhbetdeşlik geçirdiler we sebitiň durnukly ösüşine we medeni dürlüligine şaýat boldular diýip, Sinhua agentligi ýazýar.22 ýurtdan 30 töweregi žurnalist, şol sanda Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýyň günorta-günbataryndaky Tibet awtonom sebitine bäş günlük saparyny tamamladylar. Saparyň dowamynda olar ýerli ýaşaýjylar we işgärler bilen söhbetdeşlik geçirdiler we sebitiň durnukly ösüşine we medeni dürlüligine şaýat boldular diýip, Sinhua agentligi ýazýar.
Çeşme: Xinhua News Agency

22 ýurtdan 30 töweregi žurnalist, şol sanda Türkmen telewideniýesiniň wekilleri Hytaýyň günorta-günbataryndaky Tibet awtonom sebitine bäş günlük saparyny tamamladylar. Saparyň dowamynda olar ýerli ýaşaýjylar we işgärler bilen söhbetdeşlik geçirdiler we sebitiň durnukly ösüşine we medeni dürlüligine şaýat boldular diýip, Sinhua agentligi ýazýar.

1.jpg

Sişenbe güni başlanan bu sapar žurnalistleri sebitiň paýtagty Lhasa we Ningçi şäherine dürli ýerlere alyp gitdi. Şeýle hem, Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I-niň çykyş eden çarşenbe gününden anna gününe çenli geçirilen 3-nji Halkara Hyzmatdaşlyk Forumyna gatnaşdylar.

2!.jpg

Wan I, Gimalaý sebitindäki döwletleri sebitiň durnukly ykdysady ösüşine, ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny bilelikde ösdürmäge we medeni alyş-çalyşlary giňeltmäge çagyrdy.

3.jpg

Forumyň mowzugy «Ynsan bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy ösdürmek, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň miwelerini bilelikde ulanmak» boldy.

4.jpg

Forumdan soň žurnalistler Ningçiden Lhasa ýokary tizlikli otla münüp, Tibet muzeýine, Potala köşgüne we Jokang ybadathanasyna baryp gördüler, ýerli tebigat bilen tanyşdylar we bu ýere diňe bir medeni ýadygärlikler, etnik eşikler, aw we ekerançylyk medeniýeti, adaty Tibet lukmançylygy, ýaşaýyş däpler, halk aýdymlary we tanslary, dil we edebiýat, senetçilik, sport çäreleri, festiwallar, dini ynançlar we binagärlik sungaty saklanman, eýsem olaryň uglerod bitaraplygyny gazanandygyna hem göz ýetirdiler.

5.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026