Aşgabatda Wenesiýa film festiwalyna gatnaşan «Polina» fransuz filminiň görkezilişi bolar
Oktýabr 18, 2023 | 17:39 |7633


Aşgabatdaky Fransuz instituty, asyl dilde fransuz filmlerini görkezmegi dowam etdirer. Şenbe, 21-nji oktýabr, sagat 14:00-da merkezde Waleri Mýuller we Anjelina Prelžokažyň režisýorlyk eden «Polina» çeper filminiň görkezilişi bolar. Film rus dilinde «Ballerina» ady bilen ýaýradyldy.
Filmiň dünýä boýunça ilkinji görkezilşi 2016-njy ýylda bolup, ol şol ýyl Wenesiýa film festiwalynda görkezilipdi. Filmiň awtorlary, sýužetiň hekaýasyny Bastien Wiwesiň adybir «Polina» atly komiks kitabyndan ýaş balerinanyň okuw we tanalan ýyllaryndan aldylar.
Fransuz institutynda film rus subtitrleri bilen görkeziler.
ORIENT news








