HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýä çempionaty 2026: Türkmenistanyň futbol toparynyň saýlamasynda soňky garşydaşy kesgitlenildi

Oktýabr 18, 2023 | 16:35 |5967
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň milli futbol toparynyň ähli garşydaşlary kesgitlenildi.2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň milli futbol toparynyň ähli garşydaşlary kesgitlenildi.
Çeşme: Instagram.com/team_turkmenistan

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň milli futbol toparynyň ähli garşydaşlary kesgitlenildi.

13-nji we 17-nji oktýabrda Aziýa zolagynda dünýä çempionaty-2026 gatnaşmagyň ilkinji tapgyry geçirildi. Gonkong topary Butany 4:2 hasabynda ýeňip, ikinji tapgyra çykdy.

16-njy noýabrda başlajak saýlawyň ikinji tapgyrynda Gonkong Türkmenistan, Eýran we Özbegistan milli ýygyndy toparlary bilen bilelikde “E” toparynda bolar.

Dünýä çempionaty-2026-nyň ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde Türkmenistan milli ýygyndysy alty oýun oýnar - şu ýylyň noýabr aýynda iki oýun we indiki ýylyň mart we iýun aýlarynda ýene dört oýun.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli futbol toparynyň Mergen Orazowyň ýolbaşçylygynda BAE-de geçiriljek türgenleşik lagerlerinde dünýä çempionaty-2026-a saýlanmagyň ikinji tapgyryna taýýarlanýandygyny ýatladýarys.

Türgenleşik lageriniň çäginde topar eýýäm iki dostlukly oýun oýnap, BAE çempionatynyň birinji bölüminiň topary bolan "Dubaý Unaytet"-i 3:1 hasabynda ýeňip, Emiratyň ligasynyň häzirki çempiony "Şabab Al-Ahli"-dan 4:1 hasabynda utuldy.

18-nji oktýabrda Mergen Orazowyň topary soňky oýny Emiratyň "Ajman"-y bilen geçirer we şondan soň Türkmenistana gaýdyp geler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026