Halk Maslahatynyň Başlygy Pekindäki çykyşynda Türkmenistanyň integrasiýa taslamalary barada aýdyp geçdi


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki üçünji halkara “Bir guşak, bir ýol” forumynyň çäginde baglanyşyk boýunça ýokary derejeli konferensiýada eden çykyşynda Türkmenistanyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny belläp geçdi.
“2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijisiniň işe girizilmegi kontinentde energetika pudagynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň döremeginiň başlangyjy boldy we beýleki döwletleriň özara peýdaly we deňhukuklylyk esasynda taslama goşulmagyna mümkinçilik döretdi"- diýip, TDH Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdan sözlerini getirýär.
Şu nukdaýnazardan ýene bir iri halkara taslamasy - Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisi hem durmuşa geçirilýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
“Biz häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar"- diýip, Milli Lider belläp geçdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli ulag we logistika infrastrukturasynyň giň ulgamyny döredýär, diýmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Bu ulgam geljekde Hazar deňzi, Gara deňiz basseyni, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. “Bu Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňiň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýandygyny belläp geçdi. Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.
“Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşleri, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir, Türkmenbaşy halkara deňiz porty hem şolardan biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryna ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
ORIENT news








