Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-italýan işewür forumy geçirildi

Oktýabr 17, 2023 | 16:54 |7951
Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda agro-senagat tehnikasy we enjamlary, azyk senagaty we gaplaýyş önümlerini öndürmek boýunça türkmen-italýan tehnologiki seminary geçirildi. Foruma ýerli telekeçiler, şeýle hem Türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Italiýa kompaniýalarynyň we Italian Trade Agency in Istanbul gullugynyň wekilleri gatnaşdy.Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda agro-senagat tehnikasy we enjamlary, azyk senagaty we gaplaýyş önümlerini öndürmek boýunça türkmen-italýan tehnologiki seminary geçirildi. Foruma ýerli telekeçiler, şeýle hem Türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Italiýa kompaniýalarynyň we Italian Trade Agency in Istanbul gullugynyň wekilleri gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň HMM

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda agro-senagat tehnikasy we enjamlary, azyk senagaty we gaplaýyş önümlerini öndürmek boýunça türkmen-italýan tehnologiki seminary geçirildi. Foruma ýerli telekeçiler, şeýle hem Türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Italiýa kompaniýalarynyň we Italian Trade Agency in Istanbul gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

Italiýanyň işewürleriniň düzümi Rinieri, Vignetinox, Ricciarelli SPA, RI.MA Group, FBR-ELPO SPA, SARBA International we başgalar ýaly kompaniýalary öz içine alýar. Iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşygyny Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy bilen bilelikde gurady.

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luijio Ferrari ýygnananlara ýüzlenip, bu çäräniň italýan we türkmen telekeçileri üçin hyzmatdaşlyk platformasy boljakdygyny aýtdy. Telekeçiler öz kompaniýalarynyň çeşmelerinden we artykmaçlyklaryndan iň ýokary derejede peýdalanyp, tejribe alyşmaga, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlap bilerler.

Forumyň çäginde, Italiýanyň hususy pudagynyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026