Astana we Aşgabat telekommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Astanada, Merkezi Aziýada ýylyň esasy IT çäresi bolan Digital Bridge-2023 halkara tehnologiýa forumy geçirildi. Oňa 30 ýurtdan we 300 kompaniýadan 20 000-den gowrak wekil, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaygulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Forumyň umumy mejlisine TikTok-yň baş direktory Şou Çu, «Sanly çarwalar» jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, ICPC gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory William Pauçer we StarX-yň wise-prezidenti Loren Dreýer gatnaşdy.

Forumyň dowamynda birnäçe tegelek stol we duşuşyklar geçirilip, onda öňdebaryjy tehnologiýalara aýratyn üns berildi. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üçin ähli pudaklarda IT hünärmenleriniň täze pikirlerini üstünlikli durmuşa geçirmek, geljegi uly innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu duşuşyklaryň çäginde «Türkmentelekom»-yň başlygy Hojanyýaz Awganow bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we howa giňişligi ministri Bagdat Musiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýguliýew bilen «Gazagystekom» paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy Nuržan Baydauletowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda, hususan-da, sanly ulgamy gowulandyrmak, sebit aragatnaşygyny ösdürmek we üstaşyr operatorlaryny halkara aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek mümkinçiligi barada jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.
Ozal, 3-4-nji oktýabr aralygynda Daşkende geçirilen ilkinji kiberhowpsuzlyk sammitiniň - Merkezi Ýewraziýa, CSS 2023çäginde Türkmenistanyň Milli aragatnaşyk agentliginiň we Özbegistanyň kiberhowpsuzlyk merkeziniň, kiberhowpsuzlyk meselesinde özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekendiklerini habar beripdik.
Ähtnama maglumat we tejribe alyşmak, bilelikdäki gözleg we ösüş, hünärmenleri taýýarlamak we kiberhowpsuzlyk howplaryna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygy öz içine alýar.

CSS 2023-iň çäginde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatow bilen duşuşdy, Özbegistanyň täze IT seýilgähine baryp gördi hem-de «Özbektelekom» we kiberhowpsuzlyk ugurda iri halkara kompaniýalary bilen duşuşyklar geçirdi diýip, çäräniň saýty belleýär.
ORIENT news








