HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandaky teatr festiwalynyň çäginde Kamal adyndaky tatar teatrynyň göçme çykyşlary geçirilýär

Oktýabr 16, 2023 | 18:06 |7545
Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry, 14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän IV Halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygy habar berýär.Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry, 14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän IV Halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygy habar berýär.
Çeşme: gctm.ru

Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry, 14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän IV Halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada Kazandaky Türkmenistanyň Baş konsullygy habar berýär.

Kamal teatry, tatar dilinde rus we daşary ýurt dramaturglarynyň spektaklary ýerine ýetirilýän nusgawy teatrdyr. Teatr topary, türkmen halkyna uruşdan soň Kanadanyň eteginde täze durmuşa başlap, tatar obasynyň nusgasyny döreden we ol ýerde gök önümleri ösdürip ýetişdirip, milli Sabantuy baýramyny belläp geçen esger Nakipiň hekaýasyny gürrüň berýän «Килмешек» (“Gelmişek”) spektaklyny hödürlär.

Bir gün gahryman öňki Sowet raýatlarynyň ýurduna dolanmagyna rugsat berilýändigi we indi howp astynda däldigi baradaky habary alýar. Tomaşaçylar esere tomaşa edip esgeriň haýsy karara gelendigini we onuň ykbalynyň nähili bolandygyny bilerler.

Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry 1906-njy ýylyň 22-nji dekabrynda Kazanda döredildi - bu senede tatar dilinde ilkinji köpçülikleýin çykyş edildi we bu gün tatar teatrynyň doglan güni hasaplanýar. Teatra 1926-njy ýylda “Akademik” ady, 1939-njy ýylda bolsa tatar dramasynyň klassigi Galiasgar Kamalyň ady berildi.

Toparyň ilkinji aktýorlaryndan biri, entäk diri wagty “tatar teatrynyň atasy” diýlip atlandyrylýan zehinli režissýor Gabdulla Kariýewdi. Soň bolsa ol toparyň ýolbaşçysy boldy.

Kamal teatry bilen baglanyşykly başga bir gyzykly hakykat: 1907-nji ýylda Sahibjamal Gizzatullina-Wolžskaýa bu topara goşuldy - diňe bir türki dilli halklaryň teatrlarynda däl, eýsem, ol tutuş musulman dünýäsinde sahna çykan ilkinji zenandyr.

1998-nji ýyldan bäri Kamal teatrynda “Nawruz” türki halklarynyň halkara teatr festiwaly, 2010-njy ýyldan bäri bolsa, “Nauruz” halkara teatr we bilim forumy geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026