HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna näderejede taýýar?!

Oktýabr 16, 2023 | 14:18 |8233
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow toparyň “Dünýä çempionaty – 2026” oýunlaryna näderejede taýýardygy barada aýtdy.Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow toparyň “Dünýä çempionaty – 2026” oýunlaryna näderejede taýýardygy barada aýtdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow toparyň “Dünýä çempionaty – 2026” oýunlaryna näderejede taýýardygy barada aýtdy.

Ol: “Häzirki wagtda futbolçylar örän gowy fiziki ýagdaýda bolup, munuň has-da kämilleşmegi boýunça işler alnyp barylýar. Umuman, oýunçylaryň arasynda özara düşünişmegi we ulanmak isleýän usulymyzy oýunçylara ýuwaş-ýuwaşdan düşündirýäris” diýip aýtdy.

Şeýle hem, baş tälimçi BAE-de geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy barada hem aýtdy: “Ýoldaşlyk oýunlary biziň işlerimize öňyn baha bermek bilen çäklenmän, ýalňyşlyklarymyzy ýüze çykarmaga hem gowy mümkinçilik döredýär. Geçirilýän her bir oýundan soň, ýalňyşlyklaryň üstünde işler alnyp barylýar. Bu öz gezeginde oýunlaryň hiliniň has gowulanmagyna ýardam edýär. “Şabab Al-Ahli” bilen geçirilen duşuşyk biziň haýsy ugra has uly üns bermelidigimizi görkezdi”.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 8-nji oktýabrdan bäri BAE-de okuw türgenleşiginde bolýar. Geçirilen 2 sany ýoldaşlyk duşuşygynda milli ýygyndymyz “Dubaý Ýunaýted” toparyny 3:1 hasabynda ýeňen bolsa, “Şabab Al-Ahliden” 4:1 hsabynda asgyn geldi.

“Dünýä çempionaty – 2026” oýunlarynyň saýlama tapgyrynda “E” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň, Özbegistanyň toparlary we Gonkong – Butan duşuşygynyň ýeňijisi bolar.

Eýýäm 16-njy noýabrda Türkmenistan 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji aýlawyna başlap, öz ýerinde Özbegistanyň ýygyndysyny kabul eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026