Omsk oblastynyň işewürleri Türkmenistanda geçiriljek oba hojalyk sergisine gatnaşarlar


Russiýanyň Omsk oblastynyň işewürleri 28-30-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Agro-Pack Turkmenistan 2023” halkara sergisine gatnaşar. Bu barada Omsk oblastynyň eksporty goldamak merkezi mälim edýär.
Omsk oblastynyň eksport edijileri azyk we we içgi önümleri senagatyny enjamlaşdyrmak, gaplaýyş enjamlary we serişdeleri, çörek önümçiliginde ulanylýan tehnologiýalar, ýyladyşhanalary, bagçylygy we nahallary ösdürmek ugurlary boýunça öz önümleri bilen gatnaşarlar.
Bu merkez milli maksatnamanyň çäklerinde omskly oba hojalykçylaryň we işewürleriniň işine ýardam berýär. Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçiriljek oba hojalyk we azyk senagaty ugurly halkara sergä 150-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar.
ORIENT news








