Eýranyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Russiýanyň we Katar Döwletiniň gaz merkezini döretmek meýilleşdirilýär


Türkmenistanyň, Russiýanyň we Katar Döwletiniň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek barada Eýranyň teklibini öwrenmek we oňa baha bermek zerur diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Aleksandr Nowak "RT Arabik" teleýaýlymyna beren metbugat beýanatynda mälim etdi.
"Biziň "Gazprom" kompaniýamyzyň bu teklibi öwrenýändir diýip pikir edýärin. Eger-de, bu hakykatdan hem durmuşa geçirmäge laýyk bolsa, onda oňa Russiýa hem gatnaşar. Ýöne ilki ony öwrenmek we baha bermek zerur" diýip, Aleksandr Nowak aýtdy.
Russiýanyň wise-premýeri şeýle hem, häzirki wagtda türkiýeli hyzmatdaşlaryň "Gazprom" tarapyndan işlenilip düzülen Türkiýede gaz merkezini döretmek boýunça taslamanyň ýol kartasyny öwrenýändikleirni mälim etdi.
Şu hepdede "Gazpromyň" ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri we beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklar 11-13-nji oktýabrda Moskwada geçirilen "Russiýanyň energetika hepdeligi - 2023" halkara forumynyň çäklerinde guraldy.
ORIENT news








