HOK-niň ýerine ýetiriji komiteti, sportuň bäş görnüşiniň 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagyny tassyklady


Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji topary, baýdak-futbolynyň, kriketiň, lakrossanyň, skwoşyň we beýzbolyň / softbolyň 2028-nji ýylda Los Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna goşulmagyny tassyklady.
“Teklip edilýän bu bäş sport görnüşi, Amerikanyň sport medeniýetine doly laýyk gelýär we Amerikanyň ajaýyp sport görnüşlerini dünýä görkezer. Olaryň goşulmagy, Olimpiýa hereketine ABŞ-da we bütin dünýäde sportçylaryň we janköýerleriň täze jemgyýetleri bilen gatnaşmaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna halkara sport görnüşleri geler"-diýip, Halkara Olimpiýa komitetiniň başlygy Tomas Bah, HOK-niň ýerine ýetiriji komitetiniň Mumbaýda geçirilen ýygnagyndan soň žurnalistlere aýtdy.
2022-nji ýylyň fewral aýynda Halkara Olimpiýa komiteti 2028 tomusky oýunlaryň deslapky meýilnamasyna 28 sport görnüşini goşdy. Jemleýji ýaryş programmasy we goşmaça sport görnüşlerinde kwotalaryň sany soň dörediler.
Los-Anjelesdäki Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylyň 14-30-njy iýuly aralygynda geçiriler.
ORIENT news








