Döwletmyrat Ýagşymyradow öz agramynda "Bellatordaky" iň güýçli 5 türgeniň biri boldy


Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly ussat Döwletjan Ýagşymyradow "Bellatordaky" ýarym agyr agram derejesindäki derejesini gowulandyrdy. Ol öz agramyndaky derejede 6-njy basgançakdan 5-nji basgançaga geçdi. Bu barada "Bellator" promouşeniň täzelenen sanawynda mälim edilýär.
Ýarym agyr agram derejesindäki türgenleriň sanawynda birinji orny russiýaly Wadim Nemkow, ikinji orny ABŞ-ly Kori Anderson, üçünji orny hem onuň ildeşi Fila Dewis eýeleýär.
Ozal habar berlişi ýaly, 7-nji oktýabrdan 8-nji oktýabra geçilen gijede bolan duşuşykda Döwletjan Ýagşymyradow "Bellator 300" ýaryşynyň çäklerinde polşaly garşydaşy Maseeý Ržansikden ýeňiş gazanmagy başardy.
Şeýle hem, Kaliforniýanyň ştatynyň Atletika toparynyň maglumatlaryna görä, türkmen türgenine 100 müň amerikan dollary möçberinde elhaky bermek hakynda kepillik geçildi.
2020-nji ýylyň dekabrynda 33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistandan ilkinji bolup, "Bellator" promouşeni bilen şertnama baglaşdy. Onuň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň gutaran tutluşyklary bar.
ORIENT news








