Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandy


2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 3 esse ýokarlandy we 645 million ABŞ dollaryna ýetdi. Azerbaýjanyň ilatyň zähmet we sosial goragy ministri Sahil Babaýew muny Bakuwdaky “Gülüstan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.

“2021-nji ýylda Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň wodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we peýdalanmak boýunça özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilmegi sebitiň gülläp ösmegini ýokarlandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin möhüm ylalalaşykdyr. Ulag we tranzit pudagynda-da möhüm öňegidişlik gazandyk "-diýip, Sahil Babaýew sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämet Elýasow, ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekdi.
Ilçi: "Häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan Türkmenistan we Azerbaýjan Ýewraziýanyň çatrygynda ulag, aragatnaşyk we energiýa pudagynda möhüm rol oýnaýar" – diýip belledi.

Çärede Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Eldar Guliýew we Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamuradow hem çykyş etdi.
Dabara diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy. Myhmanlara konsert programmasy, türkmenleriň milli tagamlary, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny görkezýän eksponatlar we wideo materiallary görkezildi.

ORIENT news








