HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 3 esse ýokarlandy

Oktýabr 13, 2023 | 22:45 |8173
2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 3 esse ýokarlandy we 645 million ABŞ dollaryna ýetdi. Azerbaýjanyň ilatyň zähmet we sosial goragy ministri Sahil Babaýew muny Bakuwdaky “Gülüstan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 3 esse ýokarlandy we 645 million ABŞ dollaryna ýetdi. Azerbaýjanyň ilatyň zähmet we sosial goragy ministri Sahil Babaýew muny Bakuwdaky “Gülüstan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.
Çeşme: xalqqazeti.az

2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 3 esse ýokarlandy we 645 million ABŞ dollaryna ýetdi. Azerbaýjanyň ilatyň zähmet we sosial goragy ministri Sahil Babaýew muny Bakuwdaky “Gülüstan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy.

1.jpg

“2021-nji ýylda Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň wodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we peýdalanmak boýunça özara düşünişmek Memorandumyna gol çekilmegi sebitiň gülläp ösmegini ýokarlandyrmak, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin möhüm ylalalaşykdyr. Ulag we tranzit pudagynda-da möhüm öňegidişlik gazandyk "-diýip, Sahil Babaýew sözüni dowam etdi.

2.jpg

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämet Elýasow, ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekdi.

Ilçi: "Häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan Türkmenistan we Azerbaýjan Ýewraziýanyň çatrygynda ulag, aragatnaşyk we energiýa pudagynda möhüm rol oýnaýar" – diýip belledi.

3.jpg

Çärede Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Eldar Guliýew we Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamuradow hem çykyş etdi.

Dabara diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy. Myhmanlara konsert programmasy, türkmenleriň milli tagamlary, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny görkezýän eksponatlar we wideo materiallary görkezildi.

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026