Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwletmyrat Ýagşymyradow öz agramynda "Bellatordaky" iň güýçli 5 türgeniň biri boldy

Oktýabr 13, 2023 | 15:19 |11737
Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly ussat Döwletjan Ýagşymyradow "Bellatordaky" ýarym agyr agram derejesindäki derejesini gowulandyrdy. Ol öz agramyndaky derejede 6-njy basgançakdan 5-nji basgançaga geçdi.Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly ussat Döwletjan Ýagşymyradow "Bellatordaky" ýarym agyr agram derejesindäki derejesini gowulandyrdy. Ol öz agramyndaky derejede 6-njy basgançakdan 5-nji basgançaga geçdi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly ussat Döwletjan Ýagşymyradow "Bellatordaky" ýarym agyr agram derejesindäki derejesini gowulandyrdy. Ol öz agramyndaky derejede 6-njy basgançakdan 5-nji basgançaga geçdi. Bu barada "Bellator" promouşeniň täzelenen sanawynda mälim edilýär.

Ýarym agyr agram derejesindäki türgenleriň sanawynda birinji orny russiýaly Wadim Nemkow, ikinji orny ABŞ-ly Kori Anderson, üçünji orny hem onuň ildeşi Fila Dewis eýeleýär.

Ozal habar berlişi ýaly, 7-nji oktýabrdan 8-nji oktýabra geçilen gijede bolan duşuşykda Döwletjan Ýagşymyradow "Bellator 300" ýaryşynyň çäklerinde polşaly garşydaşy Maseeý Ržansikden ýeňiş gazanmagy başardy.

Şeýle hem, Kaliforniýanyň ştatynyň Atletika toparynyň maglumatlaryna görä, türkmen türgenine 100 müň amerikan dollary möçberinde elhaky bermek hakynda kepillik geçildi.

2020-nji ýylyň dekabrynda 33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenistandan ilkinji bolup, "Bellator" promouşeni bilen şertnama baglaşdy. Onuň 21 ýeňşi, 7 ýeňlişi we 1 deňme-deň gutaran tutluşyklary bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026