HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Futbol boýunça Aziýa Kubogynyň oýunlaryna petekler satylyp başlandy

Oktýabr 13, 2023 | 14:00 |10207
Milli futbol ýygyndylaryň arasynda Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geljek ýylyň başynda 18-nji gezek geçiriler. 4 ýylda bir gezek geçirilýän Kubogyň oýunlarynyň iň soňkusynyň ýeňijisi Katar Döwletiniň ýygyndysy bolup durýar.Milli futbol ýygyndylaryň arasynda Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geljek ýylyň başynda 18-nji gezek geçiriler. 4 ýylda bir gezek geçirilýän Kubogyň oýunlarynyň iň soňkusynyň ýeňijisi Katar Döwletiniň ýygyndysy bolup durýar.
Çeşme: thepeninsulaqatar.com

12-nji ýanwar - 10-njy fewral aralygynda Katar Döwletinde futbol boýunça Aziýa Kubogyny almak boýunça ýaryşlar geçiriler. Bu oýunlara petekler eýýäm satylyp başlandy diýip, thepeninsulaqatar.com neşiri habar berýär. Yklymyň Kubogyny almak boýunça geçiriljek oýunlar ýurduň 9 futbol stadionynda bolar.

Toparlaýyn tapgyrdaky oýunlara petegiň bahasy 25 katar rialyna barabar bolup, ony ýerli halk, şol sanda daşary ýurtlaryň raýatlary hem bökdençsiz satyn alyp bilerler.

Futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrunda geçiriljek ýaryşlara petekleri şu salgy boýunça satyn alyp bolýar.

Milli futbol ýygyndylaryň arasynda Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geljek ýylyň başynda 18-nji gezek geçiriler. 4 ýylda bir gezek geçirilýän Kubogyň oýunlarynyň iň soňkusynyň ýeňijisi Katar Döwletiniň ýygyndysy bolup durýar. Ol 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde öz ýeňşini baýram edipdi.

Ýaponiýanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň Kubogyna iň köp eýelik eden, ýagny 4 gezek ýeňiji bolan topardyr. Saud Arabystan we Eýran bu Kubogy 3 gezek eýelemegi başardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026