HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-da rus dili üçin Halkara gurama dörediler

Oktýabr 12, 2023 | 17:05 |8860
Rus dili boýunça Halkara guramasynyň döredilmegi, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 12-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen mejlisinde Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklandy.Rus dili boýunça Halkara guramasynyň döredilmegi, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 12-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen mejlisinde Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklandy.
Çeşme: uz.sputniknews

Rus dili boýunça Halkara guramasynyň döredilmegi, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 12-nji oktýabrda Bişkekde geçirilen mejlisinde Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklandy.

Duşuşykdan soň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow rus dilini milletara aragatnaşyk dili hökmünde goldaýan beýannamanyň kabul edilendigini habar berdi. Bu barada РИА «Новости» habar berýär.

Diplomat "Şol bir temada, rus dili boýunça islendik gyzyklanýan ýurtlar üçin, şol sanda GDA-nyň düzümine girmeýänler üçin hem açyk halkara guramasyny döredýän resminama tassyklandy" - diýip belledi.

Halkara guramasynyň maksady rus dilini dünýäde ýaýratmakdyr. Ony döretmek baradaky ylalaşyga, garaşylyşy ýaly, 13-nji oktýabrda Bişkekde geçiriljek GDA sammitinden soň gol çekiler.

Bu hökümetara gurluşy döretmek başlangyjynyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan edilendigini ýatladýarys. GDA ýurtlarynda 2023-nji ýyl “Rus diliniň ýyly” diýlip, yglan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026