HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"PEL Ltd" - Aşgabatda geçiriljek "OGT 2023" nebitgaz forumynyň altyn hyzmatdaşy boldy

Oktýabr 12, 2023 | 23:36 |9116
Häzirki günde “OGT 2023” halkara maslahatyna we sergisine dünýäniň 35 ýurdundan 400-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Olar özleriniň toplan tejribeleri bilen paýlaşyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we ählumumy taraplary ara alyp maslahatlaşarlar.Häzirki günde “OGT 2023” halkara maslahatyna we sergisine dünýäniň 35 ýurdundan 400-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Olar özleriniň toplan tejribeleri bilen paýlaşyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we ählumumy taraplary ara alyp maslahatlaşarlar.
Çeşme: "Türkmen Forum" HJ

25-27-nji oktýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda "Türkmenistanyň nebiti we gazy" (OGT 2023) 28-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Öňde boljak çäre özara pikir alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we strategiýalary işläp taýýarlamak üçin amatly giňişlik bolup durýar. "OGT 2023" forumynyň maksatanamasyna energetikanyň geljegi, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýum mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny işlemegiň ekologiýa taraplary, tehnologiýa innowasiýalary we energiýa eleýeterliligini üpjün etmekde adam maýasy ýaly meseleler girizildi.

Häzirki günde “OGT 2023” halkara maslahatyna we sergisine dünýäniň 35 ýurdundan 400-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy hasaba alyndy. Olar özleriniň toplan tejribeleri bilen paýlaşyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine täsir edýän sebit we ählumumy taraplary ara alyp maslahatlaşarlar.

“PEL Ltd” kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz bazaryna täze gatnaşyjy bolup, ol ýakynda geçiriljek OGT-2023 halkara maslahatynyň altyn derejeli hyzmatdaşy bolar. Kompaniýa önümlere ýokary baha goşmaga esaslanýan bäsdeşlige ukyply aýratynlyklaryny we marketing strategiýasyny ýerlikli ulanyp, nebitgaz pudagy üçin tapawutly işewürlik strategiýalaryny işläp taýýarlaýar. Bu öz gezeginde, maýa goýum taslamalaryny ýokary derejä eýe we durmuşa geçirmegiň oňyn möhletleri bilen özüne çekiji edýär.

Kompaniýanyň hünärmenleriň bilim derejesini we intellektual maýasyny ösdürmäge gönükdirilen strategik ünsi nebitgaz pudagyndaky çylşyrymly meseleleri şowly çözmäge mümkinçilik berýär. “PEL-iň” dolandyryş toparynyň soňky 30 ýylyň içinde suwuklandyrylan gaz önümçiligi, gazy we nebiti gaýtadan işlemek hem-de gazhimiýa pudagynda toplan tejribesi kompaniýanyň iş alyp barýan esasy ugurlaryny kesgitledi.

“PEL Ltd” hyzmatdaşlarynyň talaplaryna tiz wagtda jogap bermäge we degişli işleri alyp barmaga ukyply hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyr. Ýurtlaryň uglewodorod kuwwatlyklary boýunça barlaglary geçirmek we olary artdyrmak kompaniýanyň ileri tutýan ugrudyr. Şunda öňdebaryjy işewürlik tejribesiniň giňden ulanylmagy we daşky gurşawyň goraglylygy üpjün edilýär.

“PEL Ltd” kompaniýasy barada has giňişleýin maglumaty www.pellimited.com web salgydan alyp bilersiňiz.

“OGT 2023” halkara maslahaty we sergisi barada bolsa, has giňişleýin maglymatlar bilen www.ogt-turkmenistan.com web salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026