HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä saparyna garaşylýar: Serdar Berdimuhamedow Hakan Fidany kabul etdi

Oktýabr 11, 2023 | 22:21 |10998
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Öz gezeginde Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Hakan Fidany we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene — Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlady diýip, Rürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

6526d973784c9173295278.jpg

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň doganlyk döwletidir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklary baý tejribä esaslanyp, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesi munuň aýdyň güwäsidir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdürilýär we pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany, hususan-da, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, tekliplerini goldaýandygy üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmelerdir duşuşyklar möhüm şert bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

6526d97ceb180191600737.jpg

Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026