HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen ýaryşyň medallar sanawynda ikinji orny eýeledi

Oktýabr 12, 2023 | 15:07 |5916
Türkmenistanly türgenler Ýakutiýanyň milli oýny – mas-restling boýunça geçirilen ýaryşyň umumy medallar sanawynda ikinji orny eýeledi. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň Ýakutskdaky edarasy habar berýär.Türkmenistanly türgenler Ýakutiýanyň milli oýny – mas-restling boýunça geçirilen ýaryşyň umumy medallar sanawynda ikinji orny eýeledi. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň Ýakutskdaky edarasy habar berýär.
Çeşme: yakutsk.mid.ru

Türkmenistanly türgenler Ýakutiýanyň milli oýny – mas-restling boýunça geçirilen ýaryşyň umumy medallar sanawynda ikinji orny eýeledi. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň Ýakutskdaky edarasy habar berýär.

Çeboksary şäherinde geçiirlen ýaryşa türkmen türgenlerinden daşary, Angoladan, Müsürden, Hindistandan, Indoneziýadan, Iordaniýadan, Yrakdan, Eýrandan, Marokkodan, Russiýadan, Siriýadan we Täjigistandan ussat türgenler gatnaşdylar.

90 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen türgeni Isa Allaberdiýew ýaryşda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, kümüş medala eýe boldy. Ol müsürli Abdelhalim Abdalleden asgyn gelip, russiýaly garşydaşy Daniil Razumowany ýeňmegi başardy. Umumy medal sanawynda birinji orny russiýaly, üçünji orny hem müsürli türgenler eýelediler.

Mas-restling – bu iki türgeniň arasynda agaç pürs goýlup, birek-biregi özüne çekmek bilen ýaryşylýan ýakut halkynyň milli oýnudyr. Bu oýun türgenlerden ýokary beden taýýarlygyny we gujur-gaýraty talap edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary strategik nebit ätiýaçlyklaryndan 42,6 million barreli bazara çykarmagy çaltlaşdyrar

21:00 Oktýabr 31, 2026
Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

Pekinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çykyşlarynyň ýygyndysy tanyşdyryldy

20:00 Oktýabr 31, 2026
Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

Germaniýanyň Prezidenti Hytaýy häzirki dünýäde möhüm ähmiýete eýe ýurt diýip atlandyrdy

18:00 Oktýabr 31, 2026