HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesiýadaky pajygaly waka bilen baglanyşykly Italiýa gynanç bildirdi

Oktýabr 04, 2023 | 22:54 |6569
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wenesiýa
şäheriniň ýakynynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere
getiren awtobus heläkçiligi zerarly Italiýa Respublikasynyň Prezidenti
Serjio Mattarella gynanç hatyny iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wenesiýa
şäheriniň ýakynynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere
getiren awtobus heläkçiligi zerarly Italiýa Respublikasynyň Prezidenti
Serjio Mattarella gynanç hatyny iberdi.
Çeşme: Claudia Greco/REUTERS

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wenesiýa şäheriniň ýakynynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren awtobus heläkçiligi zerarly Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan- garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi diýip milli habarlar gullugynyň agşamky ýaýlymynda aýdyldy.

Wenesiýada, Mestre we Margera etraplaryny birleşdirýän demir ýollaryň golaýynda syýahatçylary alyp barýan awtobus esrakadan gaçdy we ot aldy. Sişenbe güni, 3-nji oktýabrda Italiýanyň Corriere della Sera gazetiniň, agşam habar berşi ýaly, bu ýol heläkçiliginde azyndan 21 adam, şol sanda üç çaga öldi. Şikes ýeten 15 adamyň dördüsi çaga, bäş adamyň ýagdaýy agyr.

Ýol heläkçiliginiň pidalarynyň hatyrasyna Wenesiýada matam yglan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026