HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgeni Hançžou şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldy

Oktýabr 08, 2023 | 15:49 |14858
Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Döwletmyrat Orazgylyjow Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen XIX Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldy. Ildeşimiz bu medaly 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip gazandy.Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Döwletmyrat Orazgylyjow Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen XIX Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldy. Ildeşimiz bu medaly 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip gazandy.
Çeşme: instagram.com/dovlet_orazgylyjov_official

Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Döwletmyrat Orazgylyjow Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen XIX Aziýa oýunlarynda bürünç medala eýe boldy. Ildeşimiz bu medaly 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip gazandy.

Döwletmyrat Orazgylyjow ilkinji duşuşygyny singapurly Weng Çowa garşy geçirip, ýeňmegi başardy. Ikinji duşuşygynda ildeşimiz eýranly Hasan Ýazdaniçaratiden asgyn gelip, üçünji we dördünji duşuşygynda kyrgyz türgeni Muhammad Abdullaýewany we mongoliýaly Býambasureni ýeňip, bürünç medaly gazandy.

Mundan ozal, Aziýa oýunlarynda bürünç medallara ildeşlerimiz dzýudoçy Maýsa Perdžýewa, boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow, kuraş sportunyň ussatlary Işanmyrat Ataýew we Aýnur Amanowa mynasyp boldular. Kuraş sporty boýunça başga bir türgenimiz Tejen Tejenow Oýunlaryň kümüş medalyny gazandy.

XIX Aziýa oýunlary Hytaýyň Hançžou şäherinde 23-nji sentýabr – 8-nji oktýabr aralygynda geçirildi. Oňa Aziýa ýurtlaryndan 15 müňden gowrak türgen gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026