ÝHHG-nyň Başlygy Türkmenistana saparynyň dowamynda ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşar


ÝHHG-nyň başlygy we Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Bujar Osmani ertir iş sapary bilen Türkmenistana ugrar, bu barada Demirgazyk Makedoniýanyň MIA habarlar agentligi 8-nji oktýabrda, ýekşenbe güni ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berdi.
Osmaniniň metbugat gullugynda belläp geçişi ýaly, onuň Türkmenistana etjek sapary, Demirgazyk Makedoniýanyň ÝHHG-nyň başlyklyk Maksatnamasynyň 2023-nji ýyldaky esasy borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine we Merkezi Aziýada ÝHHG-nyň meýdan işlerine goldaw bermekden ybaratdyr.
Skopýede Osmaniniň Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň başlygy Dünýagözel Gulmanowa we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşjakdygy barada habar berildi şeýle-de metbugat konferensiýasynyň hem bolmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Buyar Osmani raýat jemgyýeti guramalary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň wekilleri, ÝHHG-a gatnaşýan ýurtlaryň ilçileri we beýleki halkara guramalarynyň hyzmatdaşlary bilen duşuşyklar geçirer.
ORIENT news








